96-63-77

SDGGZH

Saglygy we daşky gurşawy goramak, zähmet howpsuzlygy

Müşderilere, işgärlere, potratçylara, üpjün edijilere, emläklere we daşky gurşawa bolup biljek ýaramaz täsirleri azaltmak ýa-da öňüni almak üçin “Galkynyş LTD” aşakdaky ýörelgelere laýyklykda hereket edýär we olary berjaý etmegi öz üstüne alýar:

    • Saglygy we daşky gurşawy goramak, zähmet howpsuzlygy (SZHDGG) we Müşderileriň SDGGZH spesifikasiýalaryny goramak baradaky düzgünlerini berjaý etmek.
    • Işlerimiziň töwekgelçiliklerine we howplulyklaryna baha berip we SDGGZH-yň beýle töwekgelçilikleriniň öňüni almak ýa-da azaltmak üçin zerur çäreleri geçirmek.
    • Heläkçilikler boýunça hasabatlary düzüp, olaryň sebäplerini derňemek.
    • SDGGZH dolandyryş ulgamynyň netijeliligini gözden geçirip, ony yzygiderli kämilleşdirmek.
    • SDGGZH dolandyryş ulgamyny ulanmakda işgärleriň gatnaşmagyny we ýolbaşçylygyny üpjün etmek.
    • Saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy barada esasy görkezijileri degişli taraplara hasabat bermek.
    • Netijeli aragatnaşygy we okuw maksatnamalaryny ulanmagy, şeýle hem höweslendirmek arkaly zähmeti we daşky gurşawy goramak baradaky düşünjäni ýokarlandyrmak.
    • Hemme işgärlere “nol heläkçilik” medeniýetini wagyz etmek.
    • Daşky gurşawa täsir edip biljek ýaramaz netijeleriň öňüni almak.
    • Tebigy baýlyklarynyň sarp edilmegini azaltmak.
    • Ýerli häkimiýetler we jemgyýetler bilen täsirli aragatnaşyk gurup, sosial gurşawa täsir edip biljek ýaramaz netijeleri azaltmak.

Saglygy we daşky gurşawy goramagyň, we zähmet howpsuzlygynyň maksatlary:

    • Iş ýerinde saglyga, daşky gurşawa bolan töwekgelçiliklerden dynmak ýa-da şeýle töwekgelçilikleri azaltmak.
    • Howpsuz ýagdaýlaryň we özüni alyp barmakda howpsulyklaryň öňüni almak.
    • Fiziki we iş şertlerini kämilleşdirmek.
    • Hemme işgärler iş ýerde saglyk we howpsuzlyk barada şeýle hem daşky gurşawa jogapkärli garaýyş döretmek barada düşünjäni wagyz etmek.

Saglygy we daşky gurşawy goramagyň, we zähmet howpsuzlygynyň niýetleri:

    • Iş ýerinde heläkçilikleriň derejesini nola ýetirmek
    • Maddy taýdan zyýanly hadysalaryny nola ýetirmek
    • Emläge zeper ýetiren hadysalaryny nola ýetirmek
    • Ulag heläkçilikli hadysalaryny nola ýetirmek
    • Daşky gurşawa zeper ýetirmek hadysalaryny nola ýetirmek

Soraglaryňyz barmy?

Maglumat üçin bize jaň edip bilersiniz.