96-63-77

Kärhana barada

Kärhana barada

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda güýçli sosial syýasat hem aýratyn orun tutýar. Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy maksady, tutuş halkyň we her bir raýatyň bagtly durmuşyny üpjün etmek. Türkmenistan öz ösüşinde ruhy we maddy taýdan gurply adamlaryň döwleti bolmak isleýär we munuň

üçin her bir işe ýarawly we başarnykly adama özüne mynasyp bolan durmuş derejesini gazanmaga mümkinçilik berýän şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, täze kärhanalary gurmak we bar bolanlary döwrebaplaşdyrmak üçin Döwletimiz uly maýa goýumlary edip, telekeçilik işiniň ösmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, şeýlelik bilen täze iş ýerleriniň döredilmegine itergi berýär.

Ataniýazow Geldi Kakabaýewiç öz gezeginde, Hormatly Prezidentiň hususy telekeçiligi ösdürmek baradaky syýasatynyň ugruny kesgitläp, 2009-njy ýylda “Galkynysh LTD” HK açyldy.

Kärhana esaslanan wagtdan bäri geçirilen gurluşyk we gurnama işler:

  1. 1. Önümçilik kuwwaty 30 000 kub metr bolan iki sorujy bekediniň we suw arassalaýjy desgalarynyň elektrik üpjünçiligi. Balkan welaýaty, Serdar ş.
  2. 2. 35/10 kW “Azady” beket astyndaky jaýy täzeden guruldy. Balkan welaýaty, Serdar ş.
  3. 3. Birinji sorujy bekede elektrik energiýanyň liniýasy gurnaldy we 400 kVA güýçli, 10/0.4 kW kuwwatlygy bolan iki sany transformator oturdyldy. Balkan welaýaty, Serdar ş.
  4. 4. “Gyzylarbat”-220/110/10 elektrik bekedinden ikinji sorujy bekede elektrik energiýanyň liniýasy gurnaldy we 400 kVA güýçli, 10/0.4 kW kuwwatlygy bolan iki sany transformator oturduldy. Balkan welaýaty, Serdar ş.
  5. 5. Aşgabat şäheriniň polisiýanyň 101-nji içeri işler dolandyryjy edaranyň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň desgalarynda enjamlary we elektrik liniýany gurluşyk-düzediş we guramak işleri geçirildi.
  6. 6. Gorkut-Ata, Mätäji-Kemine, Mollanepes etr., Ruhabat ş., Aşgabat ugurlary boýunça lagym çukur ulgamy täzeden guruldy.
  7. 7. Aşgabat şäheriniň polisiýanyň 105-nji içeri işler dolandyryşyň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň desgalarynda enjamlary we elektrik liniýany gurluşyk-düzediş we guramak işleri geçirildi.
  8. 8. Türkmenistan Döwlet ätiýaçlandyryş komitetiniň buýrugy bilen, Ahal welaýatyň Ak-Bugdaý etrabynyň çäginde umumy meýdany 1382 gektar bolan damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny elektrik togy bilen üpjün etmek üçin 10/250 kW kuwwatly transformatorlary oturduldy.
  9. 9. Aşgabat şäherinde üç önümçilik bazasynyň düýpli gurluşygy, şeýle hem ýerüsti elektrik liniýasy guruldy, enjamlary we bu desgalarda ýangyn duýduryşy oturduldy.
  10. 10. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň merkezi binasy täzeden guruldy.
  11. 11. Ahal welaýatynyň Baharly şäheriniň 2103 harby bölüminiň ýaşaýyş jaýlary täzeden guruldy.
  12. 12. Ahal welaýatynyň ýokanç keseller hassahanasynyň sanitar bölüminiň binasy oturdyldy we elektrik ulgamy gurnaldy.
  13. 13. Ahal welaýatynyň Saragyt etrabynyň №1, №3, №7, №13, №21 mekdepleriniň binalary täzeden guruldy, elektrik ulgamy we santehnikasy gurnaldy.
  14. 14. Ahal welaýatynyň Saragyt etrabynyň №1, №2, №3 çagalar bagynyň binalary täzeden guruldy, elektrik ulgamy we santehnikasy gurnaldy.
  15. 15. Ahal welaýatynyň Saragyt etrabynyň Medeni merkeziniň binasynyň düýpli gurluşygy.
  16. 16. «Rönesans Endustri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» desgada gazuw-agtaryş işleri geçirldi, gazdan ýangyjy taýýarlaýan zawod, ýagny:
    • - Soňky ammara ýerleşdirme bilen ýer kesildi;
    • - Wagtlaýyn we esasy awtoýollary salyndy;
    • - Wagtlaýyn we esasy awtoýollarda GPS esas goýuldy;
    • - Ýangyn, suw we lagym çukurlarynyň ýerleri salyndy;
    • - Jaýlar we enjamlar üçin çukurlary taýýarlandy;
    • - Demir ýollar üçin esas bolan ýollar salyndy;
  17. 17. Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Bilim bölüminiň binasy täzeden guruldy.
  18. 18. Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň №2, №3, №4, №5, №8, №17, №27 mekdepleriniň binalary täzeden guruldy.
  19. 19. Aşgabat şäheriniň №6, №12, №42 mekdepleriniň binalary täzeden guruldy.
  20. 20. Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet Standarty bölüminiň binasy ýykyldy.
  21. 21. Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň Içeri Işler Dolandyryşyň binasy täzeden guruldy, jaýyň öň tarplary we üçekleri täzelendi.
  22. 22. Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň Polisiýa Institutynda bekediň astyndaky jaýynyň transformatlarynyň, kabelleriň, elektrik simleriniň we ýer bilen birleşdirýän enjamlarynyň ýokary woltly synaglary geçirildi.
  23. 23. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş Ministrliginiň Bäherden etrabynyň merkezi hassahanasynda bekediň astyndaky jaýynyň transformatlarynyň, kabelleriň, elektrik simleriniň we ýer bilen birleşdirýän enjamlarynyň ýokary woltly synaglary geçirildi.
  24. 24. Türkmenistanyň Geologiýa Ministrliginiň “Türkmengeologiýa” Döwlet gullugynyň binasynda ýangyn howpsuzlyk ulgamy gurnaldy.
  25. 25. Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Polisiýa Institutynda bekediň astyndaky jaýynyň transformatlarynyň, kabelleriň, elektrik simleriniň we ýer bilen birleşdirýän enjamlarynyň ýokary woltly synaglary geçirildi:
    • 1. Raýaty goramak we halas etmek dolandyryjy edarasy;
    • 2. Beýik Saparmyrat Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Harby Instituty;
    • 3. Berdymuhammed Annaýew adyndaky 1-nji Harby mekdebi;
    • 4. Ahal we Aşgabat galagoşunyň harby bölümleri;
    • 5. Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň harby komissarlyklary;
    • 6. Aşgabat şäheriniň Merkezi Harby hassahanasy;
    • 7. Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby deňiz instituty;
    • 8. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2403 harby bölümi.
  26. Şeýle hem, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat, Ahal we Mary sebitleriniň desgalarynda ýokary woltly synaglar we ýer bilen birleşdirýän enjamlarynyň toklarynyň garşylygyny ölçemek boýunça işler geçirildi.
  27. Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Nebit we gaz Ministrliginiň jaýlarynda ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny oturtmak we öňüni almak işleri geçirildi.
  28. Şertnama boýunça «Rönesans Endustri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» türk gurluşyk kompaniýasy bilen bilelikde “Garagum” köp ugurly myhmanhana gurulanda aşakdaky gurnama işler ýerine ýetirildi:
    • - 10 / 0,4 kW elektrik üpjünçilik ulgamlary;
    • - ýer bilen birleşdirýän we ýyldyrymdan goramak ulgamlary;
    • - Internet we telefon ulgamlary;
    • - gyssagly duýduryş ulgamlary;
    • - ýangyn duýduryş ulgamlary;
    • - giriş karta ulgamy we howpsuzlyk ulgamlary;
    • - ses we wideo ulgamlary.

Soraglaryňyz barmy?

Maglumat üçin bize jaň edip bilersiniz.